Türkmenistan Türkiýede ýer titremede şehit bolanlary ýatlap, sadaka berer

08.02.2023, 23:1144,543

Türkmenistanda ýakyn wagtda Türkiýede agyr betbagtçylyk zerarly şehit bolanlary ýatlap «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka berler. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirmeginiň çäklerinde aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan Türkiýe döwletiniň ýolbaşçysy Rejep Taýyp Ärdogana, bütin türk halkyna gynanjyny  bildirip, «Boljak işe çäre ýok» diýlişi ýaly, betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda öz raýatlarymyzyň hem bardygyny nygtady. 
Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň her bir raýatyň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belläp, bir  mesele ýüze çyksa, degişli düzümleriň üsti bilen zerur goldawlaryň beriljekdigi barada aýtdy.
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap aýat-doga okady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.