Hytaýda alymlar ýüzmäge ukyply kwadrokopter döretdiler

12.02.2023, 23:5416,530

Hytaýly alymlar diňe bir howada uçmak bilen çäklenmän, eýsem, suwuň aşagyna hem çümüp bilýän täze kwadrokopter ýasadylar. Bu barada ýekşenbe güni Xinhua habarlar gullugy habar berdi.

Onuň berýän maglumatyna görä, TJ-FlyingFish pilotsyz uçary Tunszi uniwersitetiniň ýanyndaky Şanhaý intellektual awtonom ulgamlar ylmy-barlag institutynyň we Hytaýyň Gonkong uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi. Pilotsyz uçaryň agramy takmynan 1,63 kg bolup, alty minutlap howada asyl-asyl bolup  durmaga ýa-da suw astynda 40 minutlap işlemäge ukyply.
Hünärmenleriň aýdyşyna görä, täze pilotsyz uçar serişde gözleglerinde, gözleg-halas ediş missiýalarynda we inženerçilik gözleglerinde ulanylyp bilner.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.