Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik ýüküni ugratdy

20.02.2023, 12:2429,096

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýer titremesinden ejir çeken Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyryny ugratdy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Ýyly egin-eşikleriň dürli görnüşleri we arassaçylyk serişdeleri bilen ýüklenen ýük awtoulagy betbagtçylykda ejir çeken çagalar we olaryň maşgala agzalary üçin ugradyldy – diýlip, habarda aýdylýar.

Şunuň bilen bir wagtda, Turkish Airlines kompaniýasynyň uçary arkaly Türkmenistanyň raýatlary we ýurtdaky türk kompaniýalarynyň işgärleri tarapyndan haýyr-sahawat üçin berlen ýene-de müň sany ýyly ýorgan Türkiýäniň ejir çeken etraplaryna eltiler. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Twitterde habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.