Telekeçi Perri Jonson ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etmek kararyna geldi

05.03.2023, 14:0711,962

Amerikaly telekeçi we respublikaçy syýasatçy Perri Jonson 2024-nji ýyldaky saýlawlarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentligine dalaş etmek isleýändigini mälim etdi diýip, anna güni Associated Press-iň habar berendigini Interfaks ýazdy.

Ol twitterde: "Düýn agşam kärdeşlerime ABŞ-nyň prezidentligine dalaş edýändigimi höwes bilen habar berdim" - diýip ýazdy.
Jonson  niýetini,  CPAC Konserwatiw-respublikanlaryň konferensiýasynda çykyş edeninden soň,  goldawçy toparyna  mälim etdi. Agentligiň bellemegine görä, konferensiýanyň özünde welin ol meýilnamalary barada hiç zat aýtmandyr.
Geçen ýyl Jonson Miçiganyň gubernatory wezipesine dalaş etmekçi boldy, ýöne onuň arzasy ret edildi, sebäbi dalaşgärliginiň goldanylmagy üçin  onuň gol galplygyna ýol berenliginiň döwlet saýlaw toparynyň işgärleri tarapyndan üsti açyldy. Talap edilýän 13,8 müň goluň 9 müňden gowragy ýatyrylmaly boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.