Jon Kennediniň ýegeni 2024-nji ýylda ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etmekçi bolýar

05.03.2023, 14:0913,570

ABŞ-nyň 35-nji prezidenti Jon Kennediniň ýegeni, aklawçy we syýasatçy Robert Kennedi-kiçi 2024-nji ýyldaky prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýär. Fox News bu barada anna güni habar berdi.

"Hawa, men bu barada pikir edýärin" - diýip, teleýaýlym anna güni Nýu-Hempşirde geçirilen bir çärede çykyş eden 69 ýaşly Kennediniň sözlerini getirýär. "Aýalymyň razyçylygyny almak bilen, esasy päsgelçiligi ýeňip geçdim" - diýip, ol belleýär.

Syýasatçy senator Robert Kennediniň (1925-1968) ogly we Amerikanyň öňki lideri Jon Kennediniň (1917-1963) ýegenidir . Teleýaýlym syýasatçynyň ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň adyndan dalaşgär hödürlenmek isleýändigini nygtaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.