Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna Gutlag iberdi

08.03.2023, 11:5410,239

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň eziz enelerine, mähriban gelin-gyzlaryna  Gutlag iberdi.

«Maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir.
Biz mähriban enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent nusgalaryny terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris.
Sizi ajaýyp baýram — Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňiziň durmuşyňyzyň mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan we nurana bolmagyny, berk jan saglygyny, maşgala ojaklaryňyza abadançylygy we bagtyýarlygy arzuw edýärin» - diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.