Hytaý 15-nji martdan daşary ýurtlular üçin wizalaryň ähli görnüşini dikelder

14.03.2023, 13:2714,434

Hytaý daşary ýurtlularyň ýurduň çägine girmegi üçin 15-nji martdan başlap wizalaryň ähli görnüşlerine garamagy we bermegi gaýtadan dikeltmekçi bolýar. Bu barada HHR-iň ABŞ-daky ilçihanasy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Bellenilişi ýaly, Hytaýda Şanhaýda saklanýan kruiz gämileriniň ýolagçylary üçin hem birnäçe ýerlere, şol sanda Haýnan adasyna wizasyz girişi dikeltmek meýilleşdirilýär. 2020-nji ýylyň 28-nji martyna çenli berlen hereket ediş möhleti heniz gutarmadyk wizalaryň funksiýasy hem gaýtadan dikeldiler diýlip, diplomatik wekilhananyň beýanynda aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.