Tokioda sakuranyň gülleýiş möwsümi başlandy

15.03.2023, 23:4612,988

Sakuranyň gülleýiş möwsümi Tokioda resmi taýdan sişenbe güni başlandy.  Bu barada  milli meteorologiýa gullugy habar berdi. Olar möwsümiň başlananyny  Tokiodaky sintoitleriň Ýasukuni ybadathanasyndaky ýörite «gözegçilik» agajyna esaslanýarlar.

Bellenilişine görä, bu ýyl  paýtagtda 2020, 2021-nji ýyllar bilen  degişlilikde sakura gülleýiş möwsümi 10 gün ir başlady. 1953-nji ýylda  degişli statistika ýöredilip başlanany bäri bu ýyl iň ir gülleýiş möwsümleriniň biri boldy.
Tokioda resmi sakura gülleýiş möwsümi şäher merkezindäki ýörite gözegçilik agajynyň bäş güli açylanyndan soňra başlanýar. Ony Ýaponiýanyň  meteorologiýa gullugynyň hünärmenleri gözegçilikde saklaýarlar. Bu ýyl  ýerli ýaşaýjylar üçin däp bolan—sakura gülleýän meýdançalara aýlanmakda  çäklendirmeler bolmaz, çünki Ýaponiýada  häzirki wagtda  koronawirusyň täze ýaýramalaryna duş gelnenok diýen ýaly.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.