Audi ýangyç bilen işleýän A4 bilen A6-nyň adyny A5 we A7 diýip üýtgetdi

21.03.2023, 15:0814,581

Audi -niň önümleriniň görnüşini düýpgöter täzeden gözden geçirjekdigi baradaky gürrüňler resmi taýdan hakykata öwrüldi.

"Dört halkanyň" baş direktory Markus Dýusmann Germaniýanyň “Auto Bild” žurnalyna beren interwýusynda täk indeksleriň ýangyç bilen işleýän awtoulaglar üçin, jübüt indeksleriň bolsa elektrikli awtoulaglar üçin ulanyljakdygyny aýtdy.
Top-menejer muny takyklady: içerki ýangyç hereketlendirijili indiki A4  - A5 hökmünde,  içerki ýangyç hereketlendirijili indiki A6 bolsa  A7 hökmünde satylar.
Brendiň tehniki direktory Oliwer Hoffmann 2024-nji ýylda Audi-niň täze, kompaniýanyň taryhynda soňky içerki ýangyç hereketlendirijili neslini hödürläp başlajakdygyny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.