Samsung Nýu-Ýorkda dünýäde iň uly we iň ýagty daşarky LED displeýini gurdy

01.04.2023, 11:4810,016

29-njy martda Samsung Electronics amerikaly beýsbol janköýerleriniň göwnünden turan dabaraly bildirişini etdi. Tehnologiýa ägirdi Nýu-Ýorkdaky Citi Field stadionynda ullakan LED displeýi gurmak üçin New York Mets topary bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdy. Bu ekran diňe bir dünýädäki iň uly köçe displeýi bolman, eýsem ýagtylygy babatda hem iň ýitisidir.

Onuň meýdany takmynan 1616 inedördül metr. Bu ägirt displeýe goşmaça ýene 641 inedördül metr meýdanly kiçiräk ekran hem gurlar. Samsung Electronics 2022-nji ýylyň güýzünden bäri stadionda umumy meýdany 2768 inedördül metr bolan köp sanly täze LED displeýleri gurdy.
23-nji martda beýsbol muşdaklary “Citi Field-de näme täzelik” çäresinde täze displeýleri synlamak mümkinçiligini aldylar. Ekranlar 4K durulykda oýny, netijeleri, statistikany we beýleki peýdaly maglumatlary görkezmäge ukyply.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.