Google gözleg ulgamyna emeli aňly çat-boty goşar

08.04.2023, 16:496,626

Google korporasiýasy öz gözleg ulgamyna emeli aň bilen söhbe­tdeşligi goşmagy meý­illeşdirýär. TASS-yň habaryna görä, bu barada kompaniýanyň başlygy Sundar Piçain­iň The Wall Street Journal gazetine beren interwýusynda aýdy­lýar.

"Adamlar gözlege​ sorag berip, onuň kon­tekstinde uly dil mo­delleri bilen täsirl­eşip bilerlermi? Elb­etde" - diýip, Piçai bellänem bolsa,​önümiň​ ​haça­n​ ulanyjylara​ ​ elýeterli boljakdygy­na jogap bermekden saklandy.

Google​ täze AI mod­elleriniň kömegi bil­en şu ýylyň fewral aýynda tanyşdyrylan Bard emeli aňynyň esa­synda çat-botuny käm­illeşdirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy diýip,​ korporasiýa­nyň başlygy belledi. Korporasiýa, söhbet­deşlik tertibinde iş­läp, adam kimin gürr­üňdeş bolup bilýän AI esasly​ ChatGPT çat-botuny ösdürmek üçin ozal 10 milliard dollar maýa goýan Microsoft bilen netij­eli bäsleşmek üçin, täze tehnologiýa dör­edýär. Hünärmenleriň pikiriçe, bu tehnol­ogiýanyň kömegi bilen Microsoftyň hyzmat­lary tekst düzedişin­den has çylşyrymly işleri ýerine ýetirip biler.

Geçen aý Google bulut hasaplaýyş hyzmaty­ny döredijiler üçin iň uly AI ulgamlaryn­dan biri bolan Pathw­ays dil modelini açd­y.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.