Hytaý meteorologiýa hemrasyny orbita uçurdy

16.04.2023, 23:4311,520

Hytaýyň “Çançžen 4B” raketa-göterijisi atmosfera ygallaryny ölçemek üçin Fengyun-3G meteorologiýa hemrasyny  orbita üstünlikli uçurdy diýip,  Hytaýyň Aerokosmik Ylym we Tehnologiýa Korporasiýasynyň (CASC) ýekşenbe güni habar berendigini Interfaks belleýär.

Raketanyň enjam bilen uçurylmagy Pekin wagty bilen  09: 36-da (aşgabat wagty bilen 06:36) Szýusýuan kosmodromyndan amala aşyryldy.
Korporasiýanyň maglumatlaryna görä, emeli hemra hünärmenler tarapyndan ygallary gözegçilikde saklamak, onuň görnüşini anyklamak, depginini bilmek we düşüş meýdanyny kesgitlemek, şeýle hem taýfunlaryň hereketini yzarlamak üçin ulanylar.
Umuman alanyňda, Hytaý Fengyun seriýaly 20 sany meteorologiki hemrany uçurdy, olaryň 8-si henizem işleýär we bir orbital topary emele getirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.