Saudi Aramco dört aýda ilkinji gezek Aziýa ýurtlary üçin nebitiň bahasyny arzanlatdy

06.05.2023, 10:588,771

Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy Saudi Aramco dört aýda ilkinji gezek Aziýadaky müşderiler üçin nebitiň iýun bahasyny peseltdi. Bu barada Reuters agentligi çeşmelere salgylanyp habar berýär diýip, Trend belleýär.

Olaryň maglumatlaryna görä, şeýle çözgüt energetika bazarynyň gowşamagy we nebiti gaýtadan işlemegiň maržasynyň pese gaçmagy bilen baglanyşyklydyr.
Arab Light görnüşi maý aýyndaky üpjünçiligiň häzirki bahalary bilen deňeşdirilende, $0,25 arzanlar. Şeýlelikde, ol Oman/Dubai bençmarkynyň bahasyndan barreline $2,55 ýokary bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.