CS: GO ýene-de rekord goýdy. Bir günde 1,5 milliondan gowrak adam oýnady

07.05.2023, 12:4610,976
1 / 2

Tor atyşykly oýun bolan Counter-Strike: Global Offensive Steam akymynda meşhurlyk babatda absolýut rekord eýesidir. Çykanyna eslije wagt bolanyna garamazdan, oýun barha kän oýunçynyň ünsüni özüne çekýär.

SteamDB-iň san hasabatyna görä, CS:GO gatnaşyjylaryň sany boýunça täze rekordyny goýdy: soňky 24 sagadyň dowamynda iň köp oýunçy 1 557 335 adam boldy!
Counter-Strike 2-niň goýberilişiniň tomusda boljakdygyny ýatladýarys we megerem, täze oýnuň oýunçysy az bolmasa gerek hem-de wagtyň geçmegi bilen görkezijileri öňküsindenem artar diýip çen edilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.