YouTube 26-njy iýundan storis formatyndan ýüz öwrer

27.05.2023, 10:366,813

YouTube wagtlaýyn makalalar — storisler formatyndan ýüz öwrer. Format 26-njy iýundan başlap elýeterli bolmaz we şol wagta çenli neşir edilen ähli storisler ýedi günden soň ýok ediler diýip, Google-iň YouTube-a degişli habarynda aýdylýandygyny TASS habar berýär.

"2023-nji ýylyň 26-njy iýunyndan başlap, YouTube-da täze storis döretmek mümkinçiligi bolmaz. Bu senede eýýäm çap edilen storisleriň deslap çap edilen gününden 7 gün soň möhleti gutarar" – diýip, habarda bellenýär.

Muňa derek, YouTube Shorts dik wideo formatyny ulanmagy teklip edýär.

"Gysga metražly filmler we jemgyýetçilik ýazgylary üçin ýylyň dowamynda täze finksiýalaryň yglan edilýändigi sebäpli, YouTube-da diňleýjileriňizi köpeltmek üçin täze we innowasion gurallara maýa goýmagy maksat edinýäris" - diýip Google-da aýdylanlaryň üstüni ýetirdiler.

Storis formaty YouTube-da 2017-nji ýylda hödürlenipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.