«Awazada» halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge taýýarlyk görülýär

27.05.2023, 11:357,476

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Meýilnama laýyklykda, festiwala hem-de «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna köp ýurtlardan, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Rumyniýadan, Eýrandan, Hindistandan hem-de Hytaýdan folklor-tans toparlary gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Serdar Berdimuhamedow geçiriljek çäräniň möhüm ähmiýeti barada aýtdy hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.