Hytaý 2030-njy ýyla çenli kosmonawtlaryny ilkinji gezek Aýa gondurmagy meýilleşdirýär

30.05.2023, 13:187,857

Hytaý öz kosmonawtyny 2030-njy ýyla çenli Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada duşenbe güni Hytaýyň Pilotirlenýän kosmos uçuşlary maksatnamasynyň müdirligi (CMSA) habar berdi.

"Aýdaky pilotirlenýän gözlegler taslamasynyň meýilnamasyna laýyklykda hytaýlylar 2030-njy ýyla çenli ilkinji gezek Aýa gonar, bu tabşyryk wagtynda iki kosmonawt ylmy gözlegleri geçirmek üçin pilotirlenýän lunohody işleder" – diýip, müdirligiň WeChat sosial ulgamyndaky akkauntynda neşir edilen habarda aýdylýar.

 Taýkonawtlar Aýyň üstünde lunohodda hereket edip bilerler. Apparat ýerleşilýän ýeri kesgitleýän funksiýa bilen üpjün ediler diýip, müdirlik takyklaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.