Ýewropa biodürlülik bilen bagly ylmy gözleglerde dünýä lideri boldy

30.05.2023, 13:443,696

Ýewropa biodürlülik ugrundaky ylmy gözlegleriň sany boýunça lider boldy. Bu barada Elsevier ylmy neşirýatynyň gözleginde aýdylýar diýip, euro-pulse.ru belleýär.

2017 – 2022-nji ýyllarda dünýäde neşir edilen ylmy işleriň, takmynan, 41%-i ýewropaly alymlar tarapyndan ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, bu döwürde Ýewropanyň ylmy merkezlerinden, uniwersitetlerinden we institutlaryndan biodürlülige degişli ýyllyk ylmy işler iki esse köp boldy.
Biodürlülik ugrundan Ýewropanyň iň öndümli ylmy edaralary Fransiýadaky Milli ylmy gözlegler merkezi we Ispaniýadaky Ýokary ylmy gözlegler geňeşi boldy. Olar global reýtingde diňe Hytaýyň Ylymlar akademiýasyndan yza galyp, degişlilikde, 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.