ABŞ-da müşderi ýörite sargamasa, goşmaça plastik gap-gaç ugradylsa, restoranlardan jerime alnar

23.06.2023, 17:0427,669

Nýu-Ýorkuň häkimligi şäher jemgyýetçilik iýmiti pudagyna täze düzgünleri girizdi. Düzgüne laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap ähli restoranlara, öýe eltip beriş hyzmatlaryna we kurýer hyzmatlaryna ýanyň bilen alyp gidilýän ýa-da öýe eltilýän sargytlarda ulanylan artykmaç plastik gap-gaçlar üçin jerime tölärler.

Müşderiniň gönüden-göni haýyşy bolmazdan, sargyda goşmaça plastik gap-gaçlar we sously gaplamalar goşulsa, munuň üçin restoranlara we hyzmat ediş nokatlaryna 50-250 dollar aralygynda jerime salnar.
Nýu-Ýork şäheriniň ýolbaşçylygynyň başlangyjy azyk hyzmaty pudagynda plastik galyndylaryň mukdaryny azaltmagy maksat edinýän Skip the Stuff kanunyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.