SpaceX raketasy garaňky materiýany öwrenmek üçin «Ýewklid» älem teleskopyny orbita çykardy

03.07.2023, 11:465,923

SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy Ýewropa kosmos gullugynyň (ESA) «Ýewklid» älem obserwatoriýasyny orbita çykardy. Raketa Florida ştatynyň Kanaweral burnundan uçuryldy.

SpaceX «Ýewklid-iň» raketa göterijiden üstünlikli bölünip aýrylandygyny aýtdy.
«Ýewklid» teleskopy kosmosa garaňky materiýany we garaňky energiýany gözlemek üçin ugradyldy. Bir aýyň içinde kosmos gämisi 1,5 million kilometri geçer we şondan soň Jeýms Webb teleskopynyň ýerleşýän ýeri bolan Günüň garşy tarapyndaky Lagranža nokadyna ýeter.
Ýewropa kosmos gullugy 2012-nji ýylda “Ýewklid” teleskopynyň üstünde işläp başlady, ýöne şeýle obserwatoriýa gurmak pikiri ESA tarapyndan 2008-nji ýylda öňe sürlüpdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.