Gyrgyzystanda energetiki içgileriň mahabaty gadagan edildi

13.07.2023, 05:3417,041

Gyrgyz Respublikasynda kuwwat beriji içgileri mahabatlandyrmaklyga gadaganlygy girizildi. Bu barada Respublikanyň Ykdysadyýet we söwda ministrliginde habar berildi.

"2023-nji ýylyň 3-nji iýulynda ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow Gyrgyz Respublikasynyň “Mahabat baradaky" kanunyna üýtgetmeler girizmek baradaky kanunyna gol çekdi. Bu kanun kuwwat beriji içgileriň mahabatyny gadagan edýär” – diýip habarda aýdylýar.

Ministrlikde düşündirilişi ýaly, kuwwat beriji içgileriň düzüminde kofein, guarana, taurin we ženşen ýaly "gurplandyrjy komponentler" bar.

"Käbir kuwwat beriji içgileriň bir paýynda 100 mg-a çenli kofein bar. Bu adaty kofeniň bir paýyndakydan 8 esse köp. 
Içgini içeniňizde ganda süýjiniň artmagynyň we gan basyşynyň ýokarlanmagynyň töwekgelçiligi artýar, esasanam, içgi kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin aýratynam howplydyr" diýip habarda aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.