Microsoft 15 ýyldan soň, Calibri şriftine derek täze başlangyç şrifte geçer

14.07.2023, 16:284,296

Microsoft-yň baş programma menejeri Saý Deniels kompaniýanyň meşhur Calibri şriftinden el çekmegine soňky nesilleriň has ýokary durulykdaky ekranlarynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Deniels: "Bu gün, bu uly üýtgeşmäniň soňky tapgyryna gadam basýarys, sebäbi Aptos ýüzlerçe million ulanyjy tarapyndan Word-da, Outlook-da, PowerPoint-de we Excel-de täze başlangyç şrift hökmünde ulanylyp başlanýar" – diýip habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ähli müşderiler ýakyn aýlarda täze başlangyç şriftine geçer diýdi. Calibri şriftiniň 15 ýylap ulanylandygyny aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.