Serdar Berdimuhamedow ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnamany tassyklady

29.07.2023, 09:388,060

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnamany tassyklaýan Karara gol çekdi.

Indiden beýläk, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky ylmy-tehnologik merkezler işini Düzgünnama laýyklykda alyp bararlar.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça täze, ýokary netijeli tehnologiýalary döretmek hem-de ösdürmek, geljegi uly önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we täjirçiligiň amatly özara baglanyşygyny üpjün etmek bilen bagly işleri döwrebap amala aşyrmak, şeýle hem “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ylmy-tehnologik merkezleriň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.