Aşgabatda 4 müň orunlyk Köpugurly medeni merkez gurlar

31.07.2023, 10:0726,558

Aşgabat şäheriniň häkimligi Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşar.

Munuň üçin ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Gurluşyk işleri 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlanyp, medeni merkezi 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.