Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentine Şowi şypahanasynyň çäginde bolup geçen ýer süýşgüni zerarly gynanç bildirdi

08.08.2023, 02:3047,262

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä Şowi şypahanasynyň çäginde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren ýer süýşgüni zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Ýer süýşgüni 3-nji awgustda Şowi daglyk obasynda bolup geçdi. Süýşgün golaýdaky myhmanhanyň hem-de birnäçe syýahatçylyk kottejlerini basy. Ýüzlerçe adam göçürildi.
18 adamyň aradan çykanlygy tassyklanyldy.

16 adam heniz hem dereksiz ýiten hasaplanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.