«Uoll-stritiň möjegi» filmindäki awtoulag auksiona çykaryldy

10.08.2023, 08:2021,295
1 / 2

Martin Skorsezeniň «Uoll-stritiň möjegi» filminde peýdalanylan «Lamborghini Countach 25th Anniversary edition» kysymly awtoulag «RM Sotheby's» auksionynda satylar. Bu barada gazeta.ru Hypebeast saýtyna salgylanyp habar berýär.

Çeşmede onuň bu sportkaryň saklanyp galan ýeke-täk nusgasydygy bellenilýär. Ikinji ulag Leonardo DiKaprionyň keşbini janlandyran baş gahrymany Jordan Belfortyň klubdan öýüne dolanyp gelýän sahnasyny surata düşürmek üçin döwülipdir. Awtoulagyň iki million dollara satylmagyna garaşylýar.
«Uoll-stritiň möjegi» filmi 2013-nji ýylda ýaýlyma berildi. Martin Skorsezeniň filminde baş keşpleri Leonardo DiKaprio we Margo Robbi janlandyrýarlar. Onda nýu-ýorkly broker Jordan Belfortyň pul ogurlamak boýunça jenaýatçylykly işler beýan edilýär. Bu film bäş ugurda «Oskar» baýragyna hödürlendi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.