Lamborghini Countach superkaryny 180 dollara ýygnap bolýar: Lego onuň kiçi nusgasyny çykardy

18.06.2024, 11:238,148
1 / 7

Lego ulular üçin niýetlenen Lamborghini Countach superkarynyň täze modelini Icons çylşyrymly gurluşyk toplumlarynyň hatarynda hödürledi.

Meşhur kupeniň jikme-jik nusgasy 4-nji iýuldan satuwda peýda bolar, bahasy – 179,99 dollar.
Lego model üçin 1985-nji ýylda çykan Countach 5000 Quattrovalvole modifikasiýasyny saýlady. Nusga ozalky wersiýasy bolan LP500 S-den has uly V12 hereketlendirijisi we her silindr üçin dört klapan bilen tapawutlandy. 

Lego-nyň Lamborghini Countach modeliniň uzynlygy 34 santimetr, ini 16 santimetr we beýikligi 9 santimetr. Ol aşagynda V12 iň kiçi görnüşi bolan hereketlendiriji bölüminiň gapagy ýokaryk galýan “gaýçy” gapylary we funksional rul dolandyryjysy bilen enjamlaşdyrylandyr. Kuzowy ak, iç ýüzi bolsa gyzyl reňkdedir. Toplumda 1506 bölek bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.