UEFA Saud Arabystanynyň toparlarynyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak ähtimallygyna baha berdi

21.08.2023, 16:5222,172

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Saud Arabystanynyň çempionynyň Çempionlar ligasynda oýnamak ähtimallygyna baha berdi diýip, lenta.ru habar berýär.

UEFA metbugatda peýda bolan maglumatlary ýalana çykardy. Olar şeýle gepleşikleri geçirmändiklerini, çünki şeýle başlangyjyň Aziýa konfederasiýasy bilen gatnaşyklara howp saljakdygyny aýtdylar. Bu pikiriň UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Çeferine ýaramandygy bellenilýär.
17-nji awgustda «Corriere dello Sport» neşiri Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasynyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin ýurduň çempionyna «wild card» bermek haýyşy bilen UEFA-a ýüz tutup biljekdigini habar beripdi. Munuň 2024/2025-nji möwsümde bolup biljekdigi bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.