Google oktýabr aýynyň başynda Pixel 8 smartfonyny hödürlär

02.09.2023, 17:546,580

Google kompaniýasy Made by Google çäresini yglan etdi - şonda korporasiýa täze Pixel 8 we 8 Pro smartfonlaryny, şeýle hem Pixel Watch 2 akylly sagadyny görkezer. Tomaşaçylara başga-da bildirişleriň garaşýan bolmagy gaty ähtimal, ýöne entek olar hakda hiç zat belli däl.

Made by Google çäresi 4-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen 19:00-da geçiriler. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, Pixel 8 Pro smartfony 2992 × 1344 durulykda 6,7 dýuýmlyk OLED ekranly we ekranyň täzeleniş tizligi 120 Hz bolar. Enjamyň 4950 mAh akkumulýatorly Google Tensor G3 prosessorynda işlejekdigi aýdylýar. Mundan başga-da, smartfonlaryň täze setiri azyndan bäş ýyl Android OS täzelenmeleri bilen magtanyp biler.
Pixel 8 we Pixel 8 Pro smartfonlary oktýabr aýynyň ahyryna çenli satylyp başlanmaly.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.