Türkiýäniň günorta-gündogarynda meteorit gaçdy

03.09.2023, 20:3326,359

Türkiýäniň günorta-gündogarynda uly meteorit gaçdy. Bu barada NTV teleýaýlymy habar berýär diýip, rbc.ru belleýär. Bu waka 2-nji sentýabrda ýerli wagt bilen 20:15 töweregi bolup geçdi.

Kosmos jisiminiň gaçyşyna birbada birnäçe welaýatyň: Gaziantepiň, Malatýanyň, Erzurumyň, Şanlyurfanyň we Elýazygyň ýaşaýjylary syn etdi. Bu babatda türk häkimiýetlerinden heniz resmi beýanat ýok.
Meteoryň gaçyşy wideo düşürildi. Obýekt ýaşylymtyl yşyk ýaýradyp, howada öz yzyndan uly bolmadyk guýruk galdyrdy. Hadysa yşykly lowurdy bilen utgaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.