Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäniň 3 million dollarlyk iň gymmat altyn çäýnegini görkezdi

06.09.2023, 12:4625,154

Ginnesiň rekordlar kitaby 3 million dollar bahasy bolan çäýnegi dünýäde iň gymmat çäýnek diýip atlandyrdy. Bu üýtgeşik närsäniň suratlary maglumatnamanyň web sahypasynda çap edildi.

“Geň galdyryjy, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen çäýnek N Sethia Foundation gaznasyna (Beýik Britaniýa) degişlidir. Çäýnegiň bahasy 2016-njy ýylyň awgust aýynda Londonda kesgitlenipdi "-diýip habarda aýdylýar.

Çäýnek 18 karatlyk sary altyndan we altyn çaýylan kümüşden italýan zergäri Fulwio Skawia tarapyndan elde ýasaldy. Göwher daşlary çäýnegiň tutuş durkuny örtýär we ajaýyp gap-gajyň bir gapdalynyň merkezi bölegini 6,67 karatlyk ýakut bezeýär.
Tutawajy mamontyň süňkünden ýasalan. Çäýnek dünýäde iň atly çaý kompaniýasy bolan Newby Teas -yň başlygy we dolandyryjy müdiri, iňlis-hindi milliarderi Nirmal Setiýanyň eýeçiligindäki köp çaý esbaplaryndan biridir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.