Telewizorda YouTube mahabatlarynyň dowamlylygy uzalyp, sany azalar

08.09.2023, 08:217,501

Google kompaniýasy mahabatyň formaty babatda ýene bir gezek synag geçirmegi karar etdi we täze format telewizordaky adaty görnüşe meňzeýär. Gürrüň köp sanly gysga arakesmeleriň deregine bir ýa-da iki sany uly mahabat arakesmesini bermek hakda barýar. Telewideniýä mahsus şeýle format hut telewizorlarda ulanylar.

Google-yň tassyklamagyna görä, tomaşaçylaryň 79% -i tutuş wideo boýdan-başa  ýaýradylan däl-de, bir topbaga jemlenen wideo mahabatlaryny makul bilýärler.
Täze formatdaky mahabatlaryň dowamlylygy we bir wideo wagtyna şeýle ýazgylaryň näçesiniň goýuljakdygy barada entek jikme-jiklik ýok. Munuň diňe bir synagdygyny we ol geljekde haýsydyr bir görnüşde ornaşsa, ulanyjylaryň häzirki görjeklerinden düýpgöter tapawutlanyp biljekdigini tekrarlaýarys.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.