Microsoft ABŞ-nyň hökümeti bilen atmosferadan uglerody aýyrmak barada taryhda ilkinji şertnamany baglaşdy

12.09.2023, 14:115,008

Microsoft korporasiýasy Kaliforniýanyň Heirloom startapy bilen geljek on ýylyň dowamynda atmosferadan 315 000 tonna çenli kömürturşy gazyny aýyrmak barada şertnama baglaşdy. Bu ABŞ-da şeýle görnüşli ilkinji şertnamadyr. Bu barada unn.com.ua habar berýär.

Atmosferadan uglerody aýyrmak tehnologiýasy henizem täze we gymmat bolup durýar. Şeýle-de bolsa, ABŞ-nyň hökümeti ABŞ-da uglerody aýyrmak merkezlerini maliýeleşdirmek üçin 3,5 mlrd dollar bölüp bermek bilen bu pudagyň ösüşini işjeňleşdirmäge çalyşýar.
Microsoft-yň Heirloom bilen şertnamasy bu pudagy ösdürmekde möhüm ädimdir. Bu 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylary boýunça otrisatel bolmagy meýilleşdirýän Microsoft-yň hem klimat maksatlarynyň bir bölegidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.