Türkmenistanda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

14.09.2023, 00:4410,969

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

  • Aşgabat şäherindäki 70-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Şaguly Baýramgulyýewiç Hojamgulyýew;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň “Laçyn” tans-saz folklor toparynyň 2-nji derejeli orkestriniň artisti Serdar Dörtgulyýewiç Bäşimow;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerim Babamyradowiç Nyýazow;
  • Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli artisti Allamyrat Akmyradowiç Idirisow;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýewiç Baýramgeldiýew;
  • Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Daýançmyrat Baýgeldiýewiç Hangeldiýew;
  • Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Görogly etrap medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Güýçmyrat Arazmyradowiç Atabaýew;
  • Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Annadurdyýewiç Urpekow;
  • Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Saýat şäher medeniýet öýüniň akkomponiatory Kerim Jelaledinhanowiç Annakulyýew;
  • Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutar hünäri boýunça mugallymy Akmurat Çaryýewiç Hoşyýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Nurýagdyýewna Tuhyýewa;
  • Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Şükürberdi Döwletmyradowiç Hudaýberenow.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.