Fransiýada güýçli elektromagnit şöhlelenmesi sebäpli iPhone 12-niň satuwyny bes etmek göz öňünde tutulýar

15.09.2023, 14:3515,531

Fransiýanyň gözegçilik gulluklary aşa güýçli elektromagnit şöhlelenmesi sebäpli «Apple» kompaniýasyna «iPhone 12» smartfonunyň satuwyny togtatmagy buýurdy. Bu barada RIA Nowosti AFP habarlar gullugyna salgylanyp habar berýär.

Fransiýada radio ýygylyklaryna gözegçilik edýän edara (ANFR) akkreditlenen barlaghanalaryň elektromagnit energiýasynyň beden tarapyndan bir kilogram üçin 5,74 watt derejesinde siňdirilişini hasaba alandygyny görkezdi, emma bir kilogram üçin 4,0 watt standart dereje hasaplanýar.
ANFR «Apple» kompaniýasyny eýýäm satylan enjamlary talap edilýän derejä getirmek üçin mümkin boldugyça gysga wagtda düzediş çärelerini görmäge çagyrdy. Ýogsam, kompaniýa önümlerini yzyna gaýtaryp almaly bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.