Italiýada rulda barýan wagty telefon ulanan sürüjiler sürüjilik şahadatnamasyndan wagtlaýyn mahrum ediler

20.09.2023, 11:5926,181

Italiýanyň hökümeti ulag dolandyrylanda jübi telefonyny ulanan sürüjä berilýän temmileri berkitmek üçin çäreleri tassyklady. Ýol hereketiniň düzgünleriniň kadalaryna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, rulda barýan sürüji telefon ulanan ýagdaýynda iki hepdeden iki aýa çenli sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edilip bilner. Şeýle hem 700 ýewro çenli jerime salnar.

Düzgün bozulma iki ýylyň dowamynda ýene gaýtalansa, sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum etmegiň möhleti üç aýa çenli we jerime 3 müň ýewro töweregi bolup biler.
Italiýada ýol hereketiniň düzgünlerini bozmak, şol sanda jübi telefonlaryny ulanmak bilen bagly sanksiýalaryň güýçlendirilişi ilkinji gezek däl. Soňky aýlarda ýurtda birnäçe ýol hadysasy bolup geçdi, şol sanda jübi telefonlarynyň ulanylmagy netijesinde çagalar heläk boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.