Gurbanguly Berdimuhamedow Berlinde Germaniýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri bilen duşuşyk geçirýär

29.09.2023, 14:4715,355
1 / 2

Şu gün, 29-njy sentýabrda Berlin şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri bilen duşuşdy. Bu barada Germaniýanyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Berlinde Belwýu köşgünde geçirilen duşuşyga Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow gatnaşdy.
TmCars-yň öň habar berşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş saparynyň maksatnamasynda «Merkezi Aziýa ýurtlary + GFR» görnüşinde duşuşygyň geçirilmegi, iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi esasynda dürli ugurlar boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi babatda täze gözýetimleri açýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.