Google Gmail-de ýönekeýleşdirilen režimi öçürýär

29.09.2023, 15:253,540

Google kompaniýasy öz eýeçiligindäki e-poçta hyzmaty bolan Gmail-de boljak üýtgeşme barada ulanyjylara habar berip başlady. Bu baradaky habar ulanyjylara iberilýär, şeýle-de Google-yň goldaw we sowal-jogap bölüminiň dürli ýerlerinde peýda boldy.

Şeýlelikde, Gmail-iň ýönekeýleşdirilen HTML režimi basym işlemegini bes eder. Diňe 2024-nji ýylyň ýanwaryna çenli elýeterli bolar. Gmail-iň ýönekeý HTML wersiýasynyň brauzerleriň wersiýasy köne bolanda, şeýle hem internet birikmesi pes bolan ýagdaýynda hödürlenýändigini ýatladýarys. Onda standart Gmail-iň käbir aýratynlyklary ýok, şol sanda:

  • söhbetdeşlik;
  • dürs ýazuwy barlamak;
  • gysga düwmeler;
  • aragatnaşyklary goşmak we import etmek;
  • iberijiniň salgysyny saýlamak;
  • formatirlemek.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.