Maýkl Jordan ABŞ-nyň iň baý adamlarynyň TOP-400-ligine goşuldy

03.10.2023, 21:3126,279

MBA-nyň meşhur oýunçysy Maýkl Jordan ABŞ-nyň iň baý adamlarynyň ilkinji 400-lügine goşulan ilkinji professional türgen boldy. Bu barada “Forbese” salgylanyp, championat.com habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu Jordan “Şarlott Hornets” toparynyň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyny satandan soň bolup geçdi. Maýkl kluby satmagyň netijesinde 2010-njy ýylda oňa siňdiren serişdelerinden 17 esse köp gazandy. Häzirki wagtda türgeniň aktiwleri 3 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Maýkl Jordan MBA-nyň iň beýik türgenleriniň biri hasaplanylýar. Ol iki gezek Olimpiýa çempiony (1984, 1992) we “Çikagonyň” düzüminde alty gezek MBA-nyň çempionydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.