Änew 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolar

09.10.2023, 18:585,863

13-14-nji oktýabrda  2023-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan  Azerbaýjanyň  Şuşa  şäherinde TÜRKSOÝ-a  agza ýurtlaryň hemişelik Medeniýet ministrleriniň 40-njy ýygnagy geçiriler.

TÜRKSOÝ-nyň  Baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusufyň bellemegine görä,  ýygnaga  guramany esaslandyryjy  6 ýurduň—Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň  medeniýet ministrleri   gatnaşar.
Däp bolşy ýaly, ýygnakda TÜRKSOÝ-nyň işleri ara alnyp maslahatlaşylar, 2024-nji ýyl üçin meýilnamalar yglan ediler we degişli kararlar kabul ediler.
Duşuşykda 2024-nji ýylda “Türki  dünýäsiniň medeni paýtagty” statusy  Türkmenistanyň Änew  şäherine geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, indiki ýyl Änewde  döredijilik toparlarynyň we beýleki  döwletleriň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasy taýýarlanýar. Hususan-da, ylmy, ýaşlar we metbugat forumlaryny, meşhur estrada aýdymçylarynyň konsertlerini, şekillendiriş we bezeg sungatynyň sergilerini we başgalary guramak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.