Burak Ozçiwit Türkmenistana geldi

14.10.2023, 11:4160,633

Türk kinosynyň meşhurlary — aktýor Burak Ozçiwit we ssenariýeçi Mehmet Bozdag «Arkadagyň säheri» halkara kinofestiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldiler. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Burak Ozçiwit «Ajaýyp asyr», «Gurluş: Osman», «Saýrak guşjagaz», «Gara söýgi» seriallary boýunça bütindünýä meşhurlygyny gazandy.
Mehmet Bozdag «men Jelaleddin», Rowaýat», «Gurluş: Osman» we «Diriliş Ärtogrul» ýaly filmleri döredip, meşhurlyk gazandy.
Öň habar berşimiz ýaly, şu gün Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwaly öz işine başlaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.