Hytaý 2024-nji ýylda Aýa Queqiao-2 retranslýator hemrasyny iberer

21.10.2023, 17:556,151

Hytaý 2024-nji ýylyň başynda Chang'e 6, Chang'e 7 we Chang'e 8 missiýalarynyň ýerüsti stansiýalary bilen aragatnaşygy üpjün etjek Queqiao-2 retranslýator hemrasyny Aýa uçurmagy meýilleşdirýär. Olar, esasanam, Ýeriň tebigy hemrasynyň aňry ýüzünde işlärler diýip,  SpaceNews habarlar gullugy habar berýär.

1200 kilogramlyk Queqiao-2 kosmiki gämisi diametri 4,2 metr bolan parabolik antennany alar. Hemranyň gulluk etmeli möhleti - sekiz ýyldan gowrak.
Kosmos enjamyny elliptik Aý orbitasynda ýerleşdirilmek meýilleşdirilýär, şonda onuň parametrleri ýerüsti stansiýalar we Aýyň Ýerden görünmeýän tarapy bilen göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.