«Näzli» tans topary Hindistanda geçirilen halkara festiwalda çykyş etdi

22.10.2023, 08:307,894
1 / 2

Türkmenistanyň «Näzli» tans topary Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide geçirilen IX Halkara aýdym-saz we tans festiwalynda üstünlikli çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasy habar berdi.

18-20-nji oktýabrda geçen halkara festiwal medeniýetleriň özara ýakynlaşmagyna ýardam etdi. Dürli halklaryň medeniýetlerini bir ýere jemlän festiwal dürli mazmundaky çykyşlara baý bolup, onuň yzygiderli esasda geçirilemginiň möhümdigini görkezdi.
Türkmen tans toparynyň çykyşy bilen bir wagtda festiwalda Merkezi amerikan Panama halklarynyň tanslary hem ýerine ýetirildi.
Dabara gatnaşyjylar bu medeni baýramçylyk däbiniň geljekde hem dowam etdirilmegini goldaýandyklaryny bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.