Aşgabatda we Türkmenabatda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçiriler

15.11.2023, 15:097,724

Şu ýylyň 18 — 20-nji noýabry aralygynda Aşgabat hem-de Türkmenabat şäherlerinde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.

Türkiýäniň Türkmenistanda geçiriljek Medeniýet günleriniň çäginde dostlukly ýurduň sungat ussatlary özleriniň ajaýyp aýdymdyr sazlary bilen çykyş ederler. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda ýurduň amaly-haşam sungat eserleriniň hem sergisi guralar.
Türkiýe Respublikasynyň Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde geçiriljek Medeniýet günleriniň meýilnamasy ýakyn günlerde belli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.