Türkmen diplomaty Özbegistan Respublikasynyň parlamentiniň spikeri bilen duşuşdy

24.11.2023, 23:442,620

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow Özbegistanyň parlamentiniň Kanun çykaryjy palatasynyň spikeri Nuriddin Ismoilow bilen duşuşdy. Gepleşikler 22-nji noýabrda geçirildi diýip, Orient habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we ýakyn hyzmatdaşlygyň esasy faktorynyň hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan açyk dialogdygyny bellediler.
Şeýle-de, parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we işleýän türkmen-özbek parlament dostluk toparlarynyň agzalarynyň saparlaryny guramagyň möhümdigi bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.