Türkmenistanda dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň tertibi

25.11.2023, 06:2711,573

24-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa 2023-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň tertibi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde:

  • “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar parahatçylygyň waspçylarydyr” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat
  • “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly forum
  • Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy
  • baýramçylyk konsertleri geçiriler.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy
  • “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry
  • Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi
  • Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisi
  • Dünýäniň nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi
  • Türkmen we daşary ýurt nusgawy aýdymlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Täze ýyl baýramçylygy, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada hasabat berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.