YouTube-da oýunly bölüm peýda boldy

28.11.2023, 11:123,843

YouTube-da Playables atly täze bölüm peýda bolup, ol ulanyjylara dürli mini-oýunlary hödürleýär. Bu barada GSMArena neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Playables arkada oýunlaryny oýnamaga mümkinçilik berýän YouTube mobil goşundysynda ýa-da ŞK üçin web-wersiýasynda täze bölümdir. Onuň peýda bolandygy barada eýýäm Premium abunalygy bolan birnäçe ulanyjy habar berdi.
Habar ýerleşdirilen wagty hyzmat Angri Birds ýaly 37 dürli oýun hödürleýärdi: Showdown, Brain out, Basketball FRVR, Color Burst, Stack Bounce we ş.m. Oýunlaryň ählisi hiç hili ýüklemezden gönüden-göni stol kompýuteriniň brauzerinde ýa-da YouTube mobil goşundysynda işleýär.
GSMArena Playables-iň Netflix-däki şuňa meňzeş bölüme bäsdeş bolup biljekdigini ýazýar.
YouTube-yň oýun bölüminiň göwrümli relizi 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli bolar.  Şol wagta çenli Google bu hyzmaty ösdürmelidigi ýa-da ýapmalydygy barada karara geler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.