Rumyniýanyň ýaşaýjysy 3456 sany dürli ykjam telefonlardan kolleksiýa ýygnap, Ginnesiň rekordyny goýdy

28.11.2023, 11:1414,129

Dünýäde ykjam telefonlaryň iň uly kolleksiýasy 3456 sany dürli gurluşy öz içine alýar we bu Ginnesiň täze rekordydyr. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Rumyniýanyň ýaşaýjysy Andreý Bilbi Arjentis bu kolleksiýany öýünde ýygnady. Deňeşdirmek üçin, Ginnesiň öňki rekordy 2779 telefony öz içine alýardy.
Ýöne haýran galdyrýan zat, Arjentisde aslynda 3456 sany ykjam telefon däl-de, ondan birnäçe müň köp telefon bar, ýöne görkezilen sandan galany dublikatdyr.
Rekord eýesi bu telefonlary 2018-nji ýylda ýygnap başlapdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.