Türkmenistanda ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler

04.12.2023, 14:593,072
1 / 2

Türkmenistanda ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler. Festiwal 15-17-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler.
Açylyş dabarasy 15-nji dekabrda 17:30-da bolar.

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary 23-nji dekabrda görkeziljek ýapon kinofilmlerine tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylara şu filmler hödürlener:

  • «Asman restorany» filminde wakalar Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Hokkaýdo adasynda bolup geçýär. Onda datly ýapon tagamlaryna muşdak adamlaryň hyjuwy hakda gürrüň edilýär.
  • «Diňe pişik bilýär» atly filmde garry är-aýalyň durmuşy arkaly ýapon maşgalasy hakda täsirli gürrüň berilýär.
  • «Režissýor Takesi Ýasironyň animasiýalar ýygyndysy» atly dört bölümden ybarat ajaýyp animasiýa filmine ata-eneler çagalary bilen bilelikde tomaşa edip bilerler.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 477081;
+993 12 477082.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.