Oksford sözlügi 2023-nji ýylyň esasy sözüni saýlady

05.12.2023, 12:044,073

Iňlis diliniň Oksford sözlügini çykarýan neşirýat “rizz” sözüni 2023-nji ýylyň esasy sözi hökmünde saýlady. Bu barada neşirýat X sosial ulgamyndaky sahypasynda aýtdy diýip, gazeta.ru habar berýär.

“Biziň dil boýunça hünärmenlerimiz bu sözi diliň jemgyýetde giňden ýaýramazdan ozal belli bir sosial we ýaş toparlarynda nähili emele gelýändiginiň mysaly hökmünde saýladylar” – diýmek bilen, neşirýatyň wekilleri sözüň ýaýramagynda Z nesliniň möhüm rol oýnandygyny bellediler.

“rizz” sözi adamyň mähirliligini we özüne çekijiligini, şeýle-de onuň aňsatlyk bilen ýoldaş tapynmak ukybyny aňladyp biler. Bu söz “charisma” (harizma) sözüniň gysgaldylan görnüşidir.
2022-nji ýylda Oksford sözlügi “goblin mode” (“gobliniň režimi”) sözüni ýylyň sözi hökmünde saýlady. Bu adamyň ýaltalyga, sölpülige we nebsewürlige ýol bermegi bilen baglanyşykly özüni alyp barşydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.